13-nji oktýabrda Baku şäherindäki Geýdar Aliýew merkezinde Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Trend Life» habar berdi.
Baýramçylyk agşamynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Murad Guseýnow hem-de Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akadeik Isa Gabibbeýli çykyş etdi.
Bu ýerde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň umumy kökleriniň, medeni we ruhy gymmatlyklarynyň, doganlyk gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtaldy. Iki döwletiň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklaryň halklaryň has ýakyndan tanyşmagyna, medeni alyş-çalyşlaryň giňelmegine we geljekde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik döredýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi dostlugy we özara düşünişmegi has-da pugtalandyrýar. Soňky ýyllarda döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha çuňlaşýar.
Soňra myhmanlar sergi bilen tanyşdylar. Bu ýerde Türkmenistanyň baý medeni mirasyny, gözel ýerlerini görkezýän fotosuratlar, milli lybaslar, şaý-sepler, amaly-haşam sungatynyň eserleri we muzeý eksponatlary görkezildi, ussatlyk sapaklary ýaýbaňlandyryldy. Çäräniň dowamynda türkmen sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda täsirli konsert maksatnamasy guralyp, tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma we elçarpyşmalar bilen garşylandy.
13–15-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde Azerbaýjanyň Baku we Genje şäherlerinde dürli çäreler geçirilýär. Bu çärelerde milli saz, amaly-haşam sungaty, muzeý sergileri we türkmen milli tagamlary giňden hödürlenýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat bolan uly wekiliýet Azerbaýjana bardy. Şeýle hem Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynda «Türkmen edebiýatynyň burçunyň» açylyşyny guramak meýilleşdirilýär.


























