Balkanabatda we Maryda täze lukmançylyk desgalarynyň açylyş dabaralary guraldy

MilliInfo

12 Oktýabr, 2026

Balkanabatda we Maryda täze lukmançylyk desgalarynyň açylyş dabaralary guraldy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi baýram etmegiň çäklerinde Balkanabat we Mary şäherlerinde täze döwrebap lukmançylyk desgalarynyň açylyş dabaralary boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Balkanabat şäherinde 305 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi işe girizildi.

4 we 5 gatly täze binalar toplumy dogluş, ginekologiýa, täze doglan bäbekler hem-de reanimasiýa bölümlerini özünde jemleýär. Bu saglygy goraýyş edarasy dünýä standartlaryna laýyk gelýän kämil tehnologiýalar, şol sanda tomograflar (KT we MRT), mammograf, flýuorograf hem-de döwrebap operasiýa enjamlary bilen üpjün edilendir.

Mary şäherinde 1-nji Saglyk öýüniň ulanmaga berilmegi bolsa Mary welaýatynyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Täze desganyň düzüminde maslahat beriş-anyklaýyş bölümi, barlaghanalar, fizioterapiýa bölümi, gündizki bejeriş bölümi we dar ugurly hünärmenleriň otaglary hereket edýär. Ýewropanyň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary anyk hem-de tiz kesel kesgitlemesini geçirmäge we ilata ýokary hilli öňüni alyş hem-de bejeriş kömegini bermäge giň mümkinçilik döredýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info