Balkanabatda geçen breýn-ring intellektual oýny iň zehinli ýaşlary kesgitledi

MilliInfo

3 sagat öň

«Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda ýaşlaryň arasynda üç tapgyrdan ybarat bolan breýn-ring intellektual bäsleşigi geçirildi. Bu çäre Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Bäsleşige Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplaryndan hem-de Balkanabat şäherindäki orta mekdepleriň 10 – 12-nji synplarynda bilim alýan okuwçylardan ybarat bolan toparlaryň 25-si gatnaşdy.

Fewral aýynyň dowamynda geçirilen ýaryşyň saýlama tapgyrlary test görnüşinde bolup, toparlar finala çykmaga hukuk gazanmak ugunda bäsleşdiler.

Breýn-ring düzgünine görä geçirilen bäsleşiklerde ýaşlar diňe bir çuňňur bilimi däl, eýsem, berlen sowallara sekuntlaryň içinde dogry jogap bermek, logiki pikirlenmek we toparlaýyn işlemek ukyplaryny hem görkezdiler. Finalda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary bilen Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiniň okuwçylary ýaryşdylar.

Şeýlelikde, ýaryşyň emin agzalarynyň netijeleri esasynda, iň mynasyp toparlar ýeňiji boldular.

  • I orna — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary;

  • II orna — Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň okuwçylary;

  • III orna — Balkanabat şäherindäki 12-nji we 6-njy orta mekdepleriň okuwçy toparlarymynasyp boldular.

Ýeňijilere guramaçylar we ýaryşyň hemaýatkärleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu intellektual bäsleşik ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmakda we olaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info