Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär. Giň gerimli forumyň dördünji güni hem medeni ähmiýetli çärelere baý bolup, olaryň guramaçylykly geçirilmegi hepdeligiň esasy maksadyna laýyk gelýär. Şol maksat bolsa halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakdan, içgin öwrenmekden, giňden wagyz etmekden, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam etmekden, täze zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň çäklerinde irden «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda «Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de onuň garamagyndaky goraghanalaryň hünärmenleridir alymlar gatnaşdylar.
Döredijilik forumyna gatnaşyjylar Watanymyzyň geçmişini taryhy-medeni ýadygärlikleriň üsti bilen öwrenmekde arheologiýa ylmynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp, bu barada alym Arkadagymyzyň: «Arheologiýa bizde ylmyň ösüşi üçin geljegi has uly bolan pudaklaryň biridir. Munda geljek nesilleriň, janypkeş barlagçylaryň öňünde ylmy açyşlar etmäge döredijiligiň giň meýdany açylýar» diýen jümlelerine ýüzlendiler. Giň gerimli işleriň çäklerinde halkara ähmiýetli milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagynda hereket edýän taryhy-medeni goraghanalar tarapyndan ylmy-arheologik barlag işleri alnyp barylýar.
Halk köpçüligi ylmy işleriň netijeleri bilen telewideniýe, metbugat arkaly yzygiderli tanyşdyrylýar. Hünärmenleriň toplan täze ylmy maglumatlary, tejribeleri barada maslahatlar guralýar. Şu ýyl Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda meýdan şertlerinde guralan «Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary» atly ylmy-usulyýet maslahatyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Onuň dowamynda türkmen arheologlary tarapyndan gadymy Balkan topragynda saklanyp galan arheologik, binagärlik ýadygärliklerinde ýerine ýetirilen işler hem-de öňde durýan wezipeler barada pikir alşyldy.
Hepdeligiň dördünji gününde Balkan welaýat kitaphanasynda täze neşir edilen we sesli kitaplaryň, täze döredilen elektron kitaplaryň saýtynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar kitabyň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, kitap halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Ähli döwürlerde hem ol medeni we aňyýet ösüşiniň esasy guraly hasaplanypdyr.
Hepdeligiň dördünji gününiň maksatnamasyndaky çäreler Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň konserti boldy. Onda ýaş zehinler çeper döredijilige, milli sungata bolan höwesini görkezdiler. Olaryň belent ruha beslenen aýdym-sazly, joşgunly tanslar bilen utgaşan çykyşlary ýaşlaryň bu ugra gyzyklanmalarynyň ýokarydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, žurnalistleriň, şol sanda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifingiň başynda ilkinji gezek emeli aň esasynda taýýarlanylan hem-de saz we ses serişdeleri bilen bezelen wideorolik görkezildi. Ol Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine bagyşlandy. Wideoroligiň emeli aňyň mümkinçilikleri bilen taýýarlanylmagy we çärä gatnaşyjylara görkezilmegi duşuşygyň mazmunyna laýyk gelýär.
«Emeli aňyň ösýän şertlerinde media ulgamynda täze mümkinçilikler» diýlip atlandyrylyp, utgaşykly görnüşde geçirilen brifingde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyzyň durmuşyna döwrebap innowasiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny nygtadylar.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, depginli tehnologik özgerişleriň eýýamynda internet ulgamy orta çykdy. Internetiň hem-de onuň dürli gurallaryna daýanýan köp sanly mümkinçilikleriň peýda bolmagy bilen, žurnalistikada hem düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Umuman, brifing işjeň we netijeli häsiýetde geçip, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan çäreleriň hatarynda mynasyp orna eýe boldy.
Giň gerimli döredijilik forumynyň dördünji gününiň medeni çäreleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda jemlendi. Bu ýerde kino sungatynyň ussatlary bilen duşuşyk geçirildi, şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmiň görkezilişi boldy.
Soňra bu ýerde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan taýýarlanylan filmiň görkezilişi boldy. Ol medeni çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.
Şeýlelikde, Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dördünji güni hem gyzykly we özüne çekiji wakalary bilen olara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
