6-njy sentýabrda Buharest şäheriniň Dimitriýe Gusti adyndaky Milli oba muzeýiniň hemaýat bermeginde hem-de Türkmenistanyň ilçihanasynyň Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda guramagynda III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi.
Festiwala Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de paýtagtyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ilçihanasynyň sergi meýdançasynda milli lybaslar, haly önümleri, nagyşlar, saz gurallary, şeýle hem milli eşikleriň häzirki zaman bezeg çözgütleri myhmanlara görkezildi. Medeni maksatnamanyň çäklerinde türkmen bagşysynyň dutarda milli halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegi dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Edebi mirasymyzyň görkezilişine aýratyn orun berildi: myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleri, şeýle hem beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürli dillere, şol sanda rumyn diline terjime edilen eserleri bilen tanyşdylar.
Muzeýiň myhmanlarynyň ünsüni gadymy däpler bilen häzirki zaman modasynyň täzeliklerini sazlaşykly utgaşdyrýan türkmen lybaslarynyň toplumy hem özüne çekdi.
Festiwalyň jemleýji bölegi hökmünde guralan «Aziýa ýurtlarynyň aşhanasy» atly sergide ähli gatnaşyjy ýurtlaryň milli tagamlary myhmanlara hödürlenildi.