Rumyniýanyň paýtagtynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň hem-de türkmen ýaşlarynyň bilelikde guramagynda mini futbol boýunça ýoldaşlyk ýaryşy geçirildi. Sport çäresi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Ýaryşa Buharest, Ploeşti, Timişoara, Kluž ýaly şäherlerde ýerleşýän rumyn ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän talyplardan ybarat bolan toparlaryň 8-si gatnaşdy. Oýunlar sagdyn bäsdeşlik, birek-birege hormat we dostluk ruhunda geçdi. Bu çäre parahatçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmegiň, şeýle hem sport diplomatiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nyşanyna öwrüldi.
Ýaryşyň jemleri boýunça ýokary netijeleri görkezen toparlar we oýunçylar medallar, Hormat hatlary we kuboklar bilen sylaglanyldy. Şeýle hem ýaryşyň iň gowy oýunçysyna we iň gowy derwezeçisine ýörite baýraklar gowşuryldy.
Bu waka Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny ösdürmäge, parahatçylyk we ynanyşmak gymmatlyklaryny öňe sürmäge ygrarlydygyny ýene bir ýola tassyklady.

