Halypa hatyrasy: Aşgabatda Nyýazmyrat Dowodowyň 105 ýyllygyna bagyşlanan sergi açylar

MilliInfo

1 sagat öň

Ertir — 1-nji maýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy guralýar. Ýatlama gözden geçirilişinde halypanyň ajaýyp işleri sungat muşdaklaryna hödürlener. Sergi sagat 16:00-da açylýar.

Nyýazmyrat Dowodow milli sungatymyzyň taryhyna ebedi giren şahsyýetdir. Onuň eziz topragymyza, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna we däp-dessurlaryna çyn söýgüsi kämil eserlere siňip, milli nakgaşçylyk sungatymyzyň nusgawy bölegine öwrüldi.

Bu sergi sungaty öwrenijiler, talyplar we ähli sungat muşdaklary üçin ussadyň hatyrasyny belent tutmaga hem-de onuň özboluşly döredijilik stilinden lezzet almaga döredilen özboluşly mümkinçilik bolar.

Salgysy: Aşgabat ş. (A.Nowaýy) 2022. köçesiniň 88-nji jaýy

Habarlaşmak üçin tel: 92-71-69

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info