Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Diýarymyzyň ähli sebitlerinden medeniýet ulgamynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýolbaşçylary we işgärleri, dessançy bagşylar, sungaty öwrenijiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Festiwalyň medeni maksatnamasy çärelere baýdygy bilen tapawutlanýar. Açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyz, hususan-da, bagşyçylyk ýolunyň taryhyna we häzirki döwürde mynasyp ösdürilişine bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.
Dabara Diýarymyzyň welaýatlarynyň dessançy bagşylarynyň konserti bilen utgaşyklylykda dowam etdi. Bu, öz gezeginde, ýurdumyzyň her sebitine mahsus dessançylyk däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Günüň ikinji ýarymynda Şabat etrabynyň Dilewar geňeşliginiň Altyn ýol oba medeniýet öýünde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda bagşyçylyk we dessançylyk sungatynyň ösüşi, häzirki zaman usullar bilen baýlaşdyrylyşy baradaky çykyşlar diňlenildi.
Maslahatda dessançylyk ýolunyň ussat halypalary, türkmen dessanlarynyň kino sungatyndaky orny, olaryň aýdylyş usullary barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de ussat dessançy bagşylar halk dessanlaryndan parçalary ýerine ýetirdiler.
Festiwalyň birinji gününiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Agşam festiwala gatnaşyjylar Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan sahnalaşdyrylan «Goly sazly, tili sözli Görogly» atly sahna oýnuna tomaşa etdiler.
Medeni çäräniň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar sebitiň bagşyçylyk sungatyna degişli taryhy ýerlerine baryp görerler. Şolaryň hatarynda halk döredijiliginde köp ýatlanylýan Aşyk Aýdyň piriň ýadygärligi, Daşoguz şäherindäki Bagşylar muzeýi hem bar. 1992-nji ýylda döredilen muzeýiň gaznasynda aýdym-saz sungatyna degişli köp sanly gymmatlyklar, edebiýatlar saklanýar. Ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek «Bagşy dessan aýdanda» atly konsert gadymy mirasymyzyň köpugurly aýdylyş aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Festiwalyň çäklerinde halypa dessançylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, milli bagşyçylyk we dessançylyk sungatynda yz goýan şahsyýetleriň döredijiligine bagyşlanan duşuşygyň guralmagy meýilleşdirilýär. Festiwalyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylara diplom we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.