Baýrak gaznasy million dollar: Dubaýda fotograflaryň halkara bäsleşigi başlandy

MilliInfo

2 sagat öň

Dubaýyň şazadasy Hamdan bin Raşid bin Mohammed al-Maktumyň surata düşürmek boýunça halkara baýragy ugrundaky bäsleşik «HIPA» başlandy. Ol şu ugurda iň uly bäsleşik hasaplanýar. Umumy baýrak gaznasy million dollar bolan halkara bäsleşik dünýäniň iň ökde fotograflaryny birleşdirýär. 2011-nji ýylda döredilen baýrak her ýyl guralýar.

Şu möwsümde onuň baş temasy «Family», ýagny maşgala bolar. Guramaçylar maşgala gymmatlyklaryna has uly ähmiýet bermegi teklip edýärler: aragatnaşygyň simwoly, mirasdarlar, birlik we beýlekiler.

Mundan başga-da, bäsleşigiň çäginde «Dreams Trough AI», «Sports Photography», «Portfolio (Story-telling)» «General» ugurlary boýunça ýeňijiler kesgitlener. Şeýlelikde, ýaryşyň baş baýragyna eýe bolan fotografyň sylagy 2 ýüz müň dollara barabar bolar.

Gatnaşmak isleýän taraplar 31-nji maýa çenli tölegsiz esasda ýüz tutup bilerler.

Doly maglumat üçin: https//hipa.ae/award/family-hipa-award-2026

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info