Ynanyşmak we özara düşünişmek ruhunda: türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna sapary tamamlandy

MilliInfo

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly saparyny tamamlady. Saparyň jemleýji gününde ol Pekiniň «Equuleus» halkara atçylyk klubyna baryp gördi we ahalteke bedewleriniň ýerli muşdaklary bilen duşuşdy.

Atçylyk-sport toplumynda belent mertebeli myhman üçin sport atlarynyň we Hytaýyň it tohumlarynyň görkezilişi guraldy. Öz gezeginde, türkmen tarapy özboluşly alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamak boýunça tejribesini paýlaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bedewleri synlap, gadymy milli däbe eýerip, ahalteke bedewleriniň biriniň boýnuna milli alajany daňdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bilen geçirilen duşuşyk günüň esasy wakasy boldy. Ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Halk Maslahatynyň Başlygy her iki ýurduň taryhynda we medeniýetinde atlara aýratyn orun berlendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hytaýly kärdeşlerine täze «akylly» Arkadag şäherinde atçylyk düzüminiň ösdürilişi barada hem gürrüň berdi. Ol ýerde Halkara atçylyk akademiýasy üstünlikli işleýär we jigitlik sanaty boýunça dünýäniň alty gezek çempiony bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýerleşýär.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hytaýly atşynaslary aprel aýynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz olary sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň hormatly myhmanlary bolmaga çagyrdy.

Bilelikde surata düşenlerinden soňra, Halk Maslahatynyň Başlygy Pekiniň halkara howa menziline baryp, şol ýerden Watanymyza ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info