Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň «Dokumental köpdürliligi giňeltmegiň mümkinçiligi» atly halkara okuw seminarynyň açylyşy boldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Seminaryň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy berkitmekden, şeýle-de ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyny aýawly saklamak we oňa gymmatly dokumental mirasy hödürlemek babatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň işgärler we tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan ybarat.
Indoneziýa Respublikasynyň Milli arhiwi (ANRI) ÝUNESKO-nyň Koreýadaky we Indoneziýadaky milli toparlary, şeýle-de Koreýanyň miras gullugy bilen bilelikde çäräniň guramaçylary bolup çykyş edýär.
Seminaryň açylyşyna Indoneziýanyň medeniýet ministriniň orunbasary Giring Ganeşa we ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça komitetiniň başlygy Kwibe Kim gatnaşdylar.
Bu seminar ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň tutuş taryhynda iň uly seminar bolup, ol Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň, şol sanda Bangladeş, Bruneý, Kamboja, Fiji, Indoneziýa, Laos, Mýanma, Palau, Filippinler, Şri-Lanka, Timor-Leste, Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Tuwalu ýaly döwletleriň wekillerini bir ýerde jemledi.
Seminara gatnaşmak üçin dokumental mirasy gorap saklamak ulgamyndaky öňdebaryjy halkara bilermenler Jakarta geldiler.
Okuw seminaryň gün tertibine elementleri hödürlemegiň okuw usullary, ýygyndylaryň fiziki ýagdaýyna baha bermek, howplary dolandyrmak hem-de materiallary uzakmöhletleýin sanly saklamaga taýýarlamak we beýlekiler ýaly amaly meseleler girizildi.
»Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň bu halkara seminarynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Maksat Meredow dagy Türkmenistana wekilçilik edýär.
ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň okuw seminary 18-nji oktýabra çenli dowam eder.
