Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (TDEI) «Durnukly energetika ulgamlary: gaýtadan dikeldilýän tehnologiýalaryň esaslary we ulanylyşy» atly 72 sagatlyk ýöriteleşdirilen intensiw okuw kursunyň ikinji tapgyry üstünlikli tamamlandy. Bu çäre 2025-nji ýylyň 2—5-nji sentýabry aralygynda guralan bilim maksatnamasynyň birinji bölüminiň dowamydyr.
Okuw kursunyň geçirilmegi «ýaşyl» geçiş babatda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädimdir. ÝB ýurduň ykdysadyýeti dekarbonizasiýa etmek we ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky tagallalaryny işjeň goldaýar, tejribe alyşmaga hem-de sebitiň durnukly geljegi üçin Ýewropanyň öňdebaryjy innowasiýalaryny geçirmäge ýardam berýär.
72 sagatlyk sertifikatlaşdyrylan kursuň esasy maksady gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (GDEÇ) ulgamynda türkmen hünärmenleriniň we ylmy-mugallymlar düzüminiň hünär derejesini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Maksatnama aşakdaky wezipeleri çözmäge gönükdirildi:
Gatnaşyjylary «ýaşyl» energetika ulgamlaryny netijeli ornaşdyrmak üçin amaly bilimler we seljeriş gurallary bilen üpjün etmek.
Türkmenistanyň energetika balansyny diwersifikasiýa etmäge gönükdirilen tehnologik taslamalary bahalandyrmagyň we durmuşa geçirmegiň usullaryny öwretmek.
Durnukly energetika düzümini ösdürmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak üçin nazary esaslary we amaly tejribäni utgaşdyrmak.
«Bu sertifikatlaşdyrylan kursuň geçirilmegi biziň hyzmatdaşlygymyzyň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini tassyklaýar. Biz türkmen hünärmenlerine arassa tehnologiýalary netijeli ornaşdyrmaga we ýurduň "ýaşyl" ykdysadyýetini milli ileri tutulýan ugurlara laýyklykda ösdürmäge mümkinçilik berjek anyk bilim binýadyny kemala getirdik» — diýip, Anhalt amaly ylymlar uniwersitetiniň Inženerçilik ylymlary we maglumat tehnologiýalary boýunça doktorlyk merkeziniň (IWIT) direktory, Prof.dr. Eduard Simens belledi.
Okuwyň netijeleri boýunça diňleýjilere — TDEI-niň professor-mugallymlaryna, «GDEÇ» ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna we Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hünärmenlerine resmi sertifikatlar gowşuryldy. Çäre ÝB we Germaniýanyň Federal Daşary işler edarasy tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýän «Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024–2029-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň çäklerinde guraldy. Okuwlary Anhalt amaly ylymlar uniwersitetiniň (Germaniýa) öňdebaryjy bilermenleri geçirdiler.