«Formula-1-de» täze çempion: Möwsümiň netijeleri

MilliInfo

14 Dekabr, 2025

«Maklaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris 2025-nji ýylyň «Formula-1» awtoulag ýaryşynda dünýä çempiony boldy. Bu onuň karýerasyndaky ilkinji şeýle üstünlikdir. Ol nobatdaky ýeňşine çempionatyň soňky — 24-nji tapgyry bolan Abu-Dabi Gran-prisinde üçünji orny eýelemek arkaly ýetdi.

Ýaryşyň ýeňijisi öňki dört möwsümiň çempiony, «Red Bull» toparynyň Niderlandlardan bolan wekili Maks Ferstappen boldy. Ikinji orny bolsa Norrisiň «Maklaren» toparyndaky ýoldaşy, awstraliýaly Oskar Piýastri eýeledi.

Ýaryşyň netijesi esasynda 15 utuk gazanan Norris umumy hasapda 423 utuga ýetdi. Ol ýeňiş üçin 25 utuk alan Ferstappeni bary-ýogy iki utuk bilen öňe geçdi. Möwsümiň dowamynda Niderlandlardan bolan sürüji 100-den hem gowrak utuk bilen yzda galypdy, emma soňky on ýaryşda Ferstappen alty gezek ýeňiş gazanyp, ilkinji üçlükden düşmedi. Üçünji orny eýelän Piýastri bolsa ýaryşda 18 utuk toplap, möwsümi 410 utuk bilen jemledi.

«Ferrariniň» şowsuz möwsümi

«Ferrari» toparynyň iň uly lapykeçligi Lýuis Hemilton bilen bagly boldy. Ol umumy hasapda 156 utuk bilen altynjy orny eýeledi. Munuň obýektiw sebäpleriniň hem bardygyny bellemek gerek: Lýuisiň sürüş stiline laýyk gelmeýän awtoulaglar we «Mercedes» bilen deňeşdirilende tapawutly saklaýyş ulgamlary. Geljek möwsümde awtoulaglar düýbünden üýtgeşik bolar, şonda ýedi gezek dünýä çempiony bolmagy başaran Lýuis Hemiltona ýokary netije görkezmek mümkinçiligi dörär.

2025-nji ýylyň «Formula-1-iň» möwsüminiň jemi boýunça Konstruktorlar Kubogy:

  • 1. «Maklaren» — 833 utuk.

  • 2. «Mersedes» — 469.

  • 3. «Red Bull» — 451.

  • 4. «Ferrari» — 398.

  • 5. «Uilýams» — 137.

  • 6. «Reýsing Bullz» — 92.

  • 7. «Aston Martin» — 89.

  • 8. «Haas» — 79.

  • 9. «Kik-Zauber» — 70.

  • 10. «Alpin» — 22.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info