Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän önümhana açylar

MilliInfo

7 Sentýabr, 2025

5-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow ýurdumyzda täze senagat kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Bu desganyň önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary hilli ýerli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň yzygiderli ösdürilýändigini, dünýäniň öňdebaryjy tehnologik enjamlary ornaşdyrylan senagat kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilýändigini, netijede, ýurdumyzda senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny aýtdy. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna hem gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo