Abatlaýyş işlerinden soň: Mazary-Şarif şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy

MilliInfo

Şu gün — 31-nji martda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şarif şäherinde türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy. Ýadygärlikde abatlaýyş işleriniň geçirilendigini bellemek gerek. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýtynda habar berilýär. 

Dabaraly çärä türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň geçirilmegi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamak babatynda alnyp barylýan işleriň nobatdaky beýany boldy.

Bellenilişi ýaly, ýadygärligiň abatlaýyş işleri «Akýol» jemgyýetçilik we medeniýet guramasynyň başlygy Hajy Mohammad Haşim Wali Zadanyň başlangyjy esasynda, Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň maliýe goldawy bilen amala aşyryldy. Onuň açylyş dabarasyna Mazary-Şarif şäheriniň häkimi Abdul Rahman Hemmet, Owganystanyň DIM-niň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy Möwlewi Aminuallah Sadyk, şeýle hem din alymlary, mugallymlar, medeniýet işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler beýik söz ussadynyň baý edebi mirasynyň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem dünýä medeniýeti üçin hem ähmiýetlidigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň möhüm orny bellenilip geçildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info