18-nji sentýabrda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tarapyndan boş iş orunlarynyň ýarmarkasynyň geçiriljekdigi habar berildi. Jemgyýetçilik çäresi sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Türkmenbaşy şäherindäki Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda ýaýbaňlandyrylar.
Şunlukda, kärhanalar, guramalar, edaralar, hususy telekeçiler hem-de ýerli ýaşaýjylar bu çärä gatnaşmaga çagyrylýar.
Guramaçylar iş berijilerden häzirki wagtda bar bolan boş iş orunlarynyň sanawy bilen bilelikde ýarmarka gatnaşmagy haýyş edýärler.
Iş gözleýän raýatlaryň bolsa ýarmarka şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bilen gelmegi zerurdyr. Şeýle hem, bar bolan ýagdaýynda zähmet depderçesini we kwalifikasiýasyny ýa-da hünärini tassyklaýan resminamasyny ýany bilen getirmekleri maslahat berilýär.
Maglumat üçin habarlaşylýan telefon belgileri:
(800243) 6-06-95;
(800243) 5-00-94.
