Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda özbek diplomatlary bilen iş duşuşygy geçirildi

MilliInfo

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisihanasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem  taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary şeýle hem çalt ösýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň bilelikde amala aşyrylýan çäreleri we giň mümkinçilikleri barada nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info