Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti boýunça magistrlik maksatnamasy açyldy

MilliInfo

28 Awgust, 2026

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti boýunça magistrlik maksatnamasy açyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap, 5.37.04.29 — «Ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugry boýunça täze magistrlik maksatnamasy işe girizildi. Bu täze ugur häzirki zaman energetika pudagynyň ykdysady, dolandyryş, ekologik we sanly ösüş bilen bagly talaplaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy.

Täze magistrlik maksatnamasynyň açylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, pudagyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, energiýa serişdelerini tygşytly peýdalanmak we durnukly ösüş ýörelgelerini giňden durmuşa geçirmek ýaly möhüm wezipeler bilen baglanyşyklydyr. Ol energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy boýunça çuňňur nazary hem-de amaly bilimlere eýe bolan ýokary hünärli magistrleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Täze taýýarlyk ugrunyň esasy maksady ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti, dolandyrylyşy, strategiki meýilnamalaşdyrylyşy, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylyşy, energiýa netijeliligi, durnukly ösüş we häzirki zaman dolandyryş çözgütleri boýunça giňişleýin bilimlere eýe bolan hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu ugur boýunça bilim aljak 20 sany magistr kärhanalaryň, pudaklaryň we döwlet derejesindäki ykdysady prosesleri seljermek, dolandyryş çözgütlerini taýýarlamak, önümçilikde netijeliligi ýokarlandyrmak, ekologik we durmuş jogapkärçiligi ýörelgelerini ulanmak boýunça zerur başarnyklary ele alarlar.

Maksatnamanyň aýratynlygy onuň ykdysadyýet, dolandyryş, ekologiýa, hukuk, jemgyýeti öwreniş, tebigaty goramak we sanly tehnologiýalar ýaly ugurlary özara baglanyşdyrýan toplumlaýyn mazmunyndadyr. Bu bolsa magistrlere diňe bir energetika pudagynyň ykdysady görkezijilerini öwrenmäge däl, eýsem, pudakda durnukly ösüşi üpjün edýän dolandyryş strategiýalaryny işläp taýýarlamaga hem mümkinçilik berýär.

Täze magistrlik maksatnamasy «Ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» (EDD strategiýalary) bolup, onuň mazmuny EDD, ýagny ekologik, durmuş we dolandyryş çemeleşmelerine esaslanýar. Halkara tejribede ESG hökmünde giňden ulanylýan bu düşünje daşky gurşaw, durmuş jogapkärçiligi we netijeli dolandyryş ugurlarynyň bitewi ulgamyny aňladýar. Şonuň esasynda magistrlere energetika pudagynyň edara-kärhanalarynda durnukly dolandyryş strategiýalaryny işläp taýýarlamak, ekologik we durmuş töwekgelçiliklerini bahalandyrmak, korporatiw dolandyryşy kämilleşdirmek, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini ulanmak boýunça döwrebap bilimler berler.

Maksatnamanyň taýýarlanylmagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň «Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» atly ESGCA taslamasyna gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanan okuw-usuly çemeleşmeler, halkara tejribe we innowasion bilim ugurlary täze magistrlik maksatnamasynyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam berdi.

ESGCA taslamasy Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ESG ýörelgelerini ýokary bilim ulgamyna ornaşdyrmaga, ýokary okuw mekdepleriniň mümkinçiliklerini ösdürmäge, ylmy-barlag we innowasiýa işlerini güýçlendirmäge, şeýle hem bilim edaralary bilen iş berijileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Täze magistrlik maksatnamasynyň işe girizilmegi Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýokary hünär biliminiň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, halkara tejribä laýyk gelýän bilim maksatnamalaryny ösdürmek, energetika pudagy üçin ýokary derejeli ylmy we amaly taýýarlykly hünärmenleri kemala getirmek ugrunda möhüm ädimdir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info