«Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetinde ABŞ-nyň wekilleri bilen ulag hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi

MilliInfo
«Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetinde ABŞ-nyň wekilleri bilen ulag hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi

«Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetiniň Aşgabatdaky ofisinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekilleri Aaron Hýu Lewi-Forsaýt we Jeýms Rabe bilen işewürlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda «Hazar Logistik» kompaniýasynyň wekilleri myhmanlary kärhananyň alyp barýan işi, onuň halkara infrastrukturasy hem-de awtomobil, demir ýol, deňiz, howa we multimodal ýük daşamalary ulgamyndaky mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň amatly strategik ýerleşişiniň hem-de «Hazar Logistik» kompaniýasynyň halkara mümkinçilikleriniň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda netijeli ulag zynjyrlaryny kemala getirmek üçin goşmaça amatly şertleri döredýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Hazaryň üsti bilen uzaýan ulag geçelgesini hem-de Aziýa ýurtlaryny Merkezi Aziýa, Türkmenistan, Hazar deňzi we Kawkaz arkaly Türkiýe, Ýakyn Gündogar hem-de Ýewropa bilen birikdirýän ugurlary ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, taraplar täze logistika ugurlaryny ösdürmegiň, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, halkara söwdany giňeltmegiň we ulag-logistika ulgamynda geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu duşuşyk halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen pikir alyşmalaryň we hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşmagyň netijeli meýdançasyna öwrüldi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info