Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Daşary Işler Ministrliginiň Halkara Gatnaşyklary Institutynda Azerbaýjan halkynyň Milli Lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 103 ýyllygyna bagyşlanan «Azerbaýjan-Türkmenistan: doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary» atly tema boýunça çäre geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.
Çäräniň gatnaşyjylaryny ilki bilen institutyň foýesinde Geýdar Aliýewiň daşary syýasat ugruny, şeýle hem Azerbaýjan-Türkmenistan gatnaşyklaryny şöhlelendirýän foto sergisi bilen tanyşdylar.
Soňra ýokary okuw mekdebiň mejlisler zalynda Geýdar Aliýewiň durmuşyna we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana saparyna bagyşlanan wideo görkezildi.
Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow «Azerbaýjan-Türkmenistan: doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary» atly tema boýunça leksiýa berdi.
Ilçi öz çykyşynda Milli Lider Geýdar Aliýewiň daşary syýasat ugry, şeýle hem Azerbaýjan-Türkmenistan gatnaşyklarynyň taryhy we strategik esaslaryna aýratyn üns berdi. Milli Lider Geýdar Aliýewiň daşary syýasat ugry boýunça sebit ýurtlary, esasan hem umumy taryhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolan doganlyk döwletler bilen gatnaşyklaryň uly strategik ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Geýdar Aliýew Hazar sebitine hyzmatdaşlygyň we durnuklylygyň ýeri hökmünde baha berýärdi we döwletara ynamyny esasy şert hasaplaýardy. Onuň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Azerbaýjan-Türkmenistan gatnaşyklary özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda kemala geldi, syýasy gepleşikler üçin berk esas goýuldy we strategik hyzmatdaşlyk üçin durnukly esas döredildi. Häzirki wagtda bar bolan ýokary derejeli gatnaşyklar şol syýasy ugryň dowamy hökmünde ösýär.
Ilçi Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasyndaky ýokary derejeli syýasy gepleşikleriň netijesinde 2017-nji ýylda gol çekilen «Strategik hyzmatdaşlyk baradaky Jarnamanyň» iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk we syýasy esaslaryny has-da berkitendigini we doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm platforma döredendigini belledi. Bu resminama gol çekilenden soň, Azerbaýjan-Türkmenistan gatnaşyklary, esasan hem soňky ýyllarda iki ýurduň prezidentleri Ilham Aliýew bilen Serdar Berdimuhamedowyň syýasy erki netijesinde has-da çuňlaşyp, ösüşiň täze tapgyryna çykdy.
Gismat Gozalow öz çykyşynda 2025-nji ýylda amala aşyrylan ýokary derejeli özara saparlaryň, şol sanda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana we Gurbanguly Berdimuhamedowyň Baku, Garabag we Gabala şäherlerine saparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem, 2025-nji ýylda Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Sammitiniň çäklerinde kabul edilen ara alyp maslahatlaşmalaryň we kararlaryň Türki dünýäsinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga hyzmat edendigi bellenildi. Şol bir wagtyň özünde, ilçi ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysadyýet, energetika, ulag, ynsanperwer we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňelmegine, esasan hem Trans-Kaspiý ulag geçelgesiniň we energiýa taslamalarynyň strategik ähmiýetine ünsi çekdi.
Munuň bilen birlikde, çykyşda Azerbaýjan-Türkmenistan gatnaşyklarynyň ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda hem depginli ösýändigi, şeýle hem özara medeni günleriň, uniwersitetara hyzmatdaşlygyň, şol sanda Azerbaýjanyň ADA Uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara Gatnaşyklary Institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki taslamalaryň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrýandygy bellenildi. Ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde, şeýle hem «Study in Azerbaijan» maksatnamasynyň çäklerinde Geýdar Aliýewiň adyny göterýän ýörite talyp haky maksatnamasynyň türkmen raýatlaryna Azerbaýjanda doly maliýeleşdirilen bilim almaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy.
Leksiýa sorag-jogap bilen dowam etdi we talyplaryň soraglaryna jogap berildi.
Çärä institutyň prorektory Gaýgysyz Döwletow, professor-mugallymlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki resmi myhmanlar gatnaşdylar.
Soňunda, Azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili Ýakup Zalimhanyň Geýdar Aliýewe bagyşlanan «Ebedilik dessany» goşgular kitabynyň türkmen diline terjimesi talyplara tanyşdyryldy.