Italiýada dünýädäki iň uzyn asma köpriniň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär

MilliInfo

7 Awgust, 2025

Italiýada diýseň uly taslamany — dünýäde iň uzyn asma köpriüniň gurluşygyny dumuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Köpri gurmak çözgüdi onuň göwrümi, ýer titremeleri we taslamanyň daşky gurşawa ýetirýän täsiri baradaky jedeller sebäpli yza süýşürildi.

Infrastrukturalar we ulag ministrliginiň ýolbaşçysynyň, şeýle hem Italiýanyň wise-premýeriniň sözlerine görä, bogazdan geçýän köpri «Günbataryň iň uly infrastruktura taslamasyna» öwrüler.

Messin bogazynyň üstünden geçýän 3 kilometrlik binagärlik taslamasy Sisiliýany Italiýanyň materik bölegi bilen birleşdirer. Ol 2030-njy ýylyň başyna açylar. Şeýle hem köpri demirýol ugrynyň degişli enjamlary bilen enjamlaşdyrylar. Gurluşygyň bahasynyň 13,5 milliard ýewro boljakdygy çaklanylýar.

Taýýarlyk işlerine 2025-nji ýylyň sentýabrynyň ahyrynda — oktýabrynyň başynda badalga berlip bilner. Gurluşyk işleriniň bolsa 2026-njy ýylda başlanmagyna garaşylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo