Italiýada emeli aň bilen dolandyrylýan sürüjisiz awtoulaglaryň ýaryşy geçirildi

MilliInfo

13 Sentýabr, 2026

AP Photo
Italiýada emeli aň bilen dolandyrylýan sürüjisiz awtoulaglaryň ýaryşy geçirildi

Italiýanyň Imola awtodromynda sagatda 250 kilometr tizlik bilen ýaryş awtoulaglary hereket edýärdi. Emma bu ýerde awtoulaglary adamlar däl-de, kompýuter programmalary dolandyrýardy. Awtoulaglaryň içinde ne rul, ne-de pedal, ne-de adam bardy. Olary emeli aň dolandyrýardy. Bu Ýewropada geçirilen ilkinji doly ýagdaýda sürüjisiz «A2RL» awtoulag ýaryşydyr.

Toparlar «Dallara Super Formula» awtoulaglarynyň binýadynda taýýarlanan birmeňzeş ulaglardan peýdalanýarlar. Inženerler we programmistler adamyň sürüjilik tejribesini kompýuter koduna geçirmek üçin işleýärler. Olar emeli aňa awtoulagyň hereketini duýmagy, ýoluň ýagdaýynyň üýtgemegine jogap bermegi, hereketiň iň amatly ugruny saýlamagy, saklaýjyny ulanmagy we özbaşdak karar kabul etmegi öwredýärler.

Sürüjisiz ýaryş awtoulaglarynyň bäsleşigi mundan öň Abu-Dabide iki gezek geçirildi. Iki ýaryşda hem Germaniýanyň topary ýeňiş gazandy. Emma çylşyrymly Imola awtodromynda häzirki çempion diňe bäşinji bolup pellehana geldi. Birinji orny bolsa Birleşen Arap Emirliklerinden bolan toparyň awtoulagy eýeledi.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, emeli aň bilen dolandyrylýan awtoulaglar eýýäm adam tarapyndan dolandyrylýan awtoulaglar bilen deňeçer tizlik görkezýär. 2024-nji ýylda olaryň arasyndaky tizlik tapawudy 10 sekunda barabar bolan bolsa, 2025-nji ýylda bu görkeziji iki sekunda golaýlady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info