«TUZ» zergärçilik önümleri dükanynda tebigy dür bilen bezelen täze şaý-sepler toplumy hödürlenilýär

MilliInfo

44 minut öň

«TUZ» zergärçilik önümleri dükanynda tebigy dür bilen bezelen täze şaý-sepler toplumy hödürlenilýär

«TUZ» atly zergärçilik önümleriniň dükanyna asyllylygy, hili we özboluşly stili halaýanlar üçin döredilen täze şaý-sepler ýygyndysy geldi.

Täze ýygyndyda tebigy dürli şaý-sepler we zergärçilik toplumlary aýratyn orun eýeleýär — olar nusgawy ak hem-de has ünsüňi çekiji nusgalarda — dürli reňk öwüşginlerinde hödürlenilýär.

Dürler gulakhalkalarda, ýüzüklerde, asma şaýlarda, bileziklerde we sazlaşykly toplumlarda ulanylyp, olar hem gündelik keşbiňize, hemem agşamky lybaslaryňyza ajaýyp bezeg bolar.

Dürli şaý-seplerden başga-da, dükanda islendik stile we ýagdaýa laýyk gelýän, dürli öwüşginli tebigy hem-de bezeg daşlary oturdylan modeller bar.

Ýygyndyda hem minimalistik önümleri, hemem has göze gelüwli we täsir galdyryjy modelleri tapyp bilersiňiz.

«TUZ» dükanynyň haryt görnüşleriniň esasyny 925 probaly Ýewropa kümüşi düzýär. Şaý-seplerde öndürijiniň zawod probasy we metalynyň hilini hem-de hakykylygyny tassyklanýan resmi döwlet probasy bardyr.

Dükanda häzirki zaman Ýewropa estetikasyny şöhlelendirýän we meşhur zergärçilik ugurlaryndan ylham alnyp ýasalan gulakhalkalar, ýüzükler, bilezikler, zynjyrlar hem-de toplumlar hödürlenilýär.

Satyn alnan harytlar üçin 1 ýyllyk mugt hyzmat — şaý-sepleri professional derejede arassalamak we ýalpyldatmak (polirlemek) hyzmaty müşderiler üçin ýakymly sowgat bolar.

«TUZ-yň» täze toplumy — bu siziň özboluşlylygyňyzy görkezýän ajaýyp sowgat bolup biljek ýa-da keşbiňiziň tapawutly bölegine öwrüljek şaý-sepi tapmagyňyza uly mümkinçilikdir.

Täze ýygyndy eýýäm «TUZ» dükanynda. Dükana geliň we dürleriň, gymmat bahaly daşlaryň hem-de lowurdaýan kümüşleriň arasyndan öz şaý-sepiňizi saýlaň.

«TUZ» — kaşaňlyk hemmeler üçin elýeterli!
Özüňizi we ýakynlaryňyzy ajaýyp sowgat bilen begendiriň!

Salgy: «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, B-1.45.a
Telefon: +993 (63) 47-68-86
Instagram: @tuz.silver

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info