25-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly medeni çäre geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Astana şäheriniň häkimliginiň hem-de daşary ýurtlarda türkmen jemgyýetine wekilçilik edýän jemgyýetçilik guramalarynyň goldawy bilen guraldy. Dabaraly çärä Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri, Astana şäheriniň häkimliginiň wekilleri, şeýle hem Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi B.Rejepow gutlag sözi bilen çykyş edip, iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtady.
Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Şeýle hem Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny asyl nusgada we terjimesinde okap berdiler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleri dowam etmek nobaty Türkmenistanyňi Almatydaky hem-de Aktaudaky konsullyk bölümlerine geçirildi.
Türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmegindäki «küştdepdi» hem-de milli tansly çykyşlar şäherleriň iň görkli we görnükli ýerlerinde ýaýbaňlandyryldy. Gadymy nagmalara we özboluşlylyga eýe bolan tans Türkmenistanyň folklor däpleriniň baýlygyny açyp görkezdi we tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.






