Emeli intellektiň gerimi giňeýär: Hytaý awtonom lukmançylyga tarap ädim ätdi

MilliInfo

14 Oktýabr, 2025

Hytaý awtonom lukmançylyga tarap ädim ädýär — uly şäherlerde emeli intellekt bilen enjamlaşdyrylan galtaşyksyz lukmançylyk öýjagazlary (киоск) ornaşdyrylýar. Bu öýjagazlar lukmanyň gatnaşygy bolmazdan, bary-ýogy bäş minutyň dowamynda keseli anyklap, derman serişdelerini berýär.

Ulgam ýüz tanamak mümkinçiligi arkaly işläp, elektron saglyk kartasyna girýär we aşakdaky saglyk görkezijilerini ölçeýär: gan basyşy, ýürek urşy (puls), bedeniň temperaturasy, ganyň düzümindäki kislorodyň derejesi we beýlekiler. Bu maglumatlar öňki diagnoz üçin neýroulgam (emeli intellekt) tarapyndan seljerilýär. Näsaglar barlaglaryň netijelerini ekranda görýärler we degişli maslahatlary alýarlar. Käbir derman serişdelerini bolsa şol ýerde oturdylan enjam arkaly dessine satyn almak bolýar.

Ilkinji şeýle öýjagazlar Pekin we Şanhaý şäherlerinde peýda boldy, olar köp adamly ýerlerde — söwda merkezlerinde we demirýol menzillerinde oturdylýar. Emeli intellekt ilkinji barlag we öňüni alyş çäreleri üçin gurallaryň biri hökmünde hyzmat edýär, esasan hem, ilatyň köpçülikleýin ýaşaýan sebitlerinde ulanylýar. Şeýle-de bolsa, bu ulgam lukmanlary doly çalyşmaýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo