18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Hangzhou şäherindäki «InterContinental Hangzhou Liangzhu» toplumynda halkara derejesindäki uly medeni-syýasy çäre – 4-nji Liangzhu Forumynyň açylyş dabarasy boldy hem-de esasy maslahaty geçirildi. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýokary derejedäki syýasatçylary, diplomatlary, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini we alymlary bir ýere jemlän bu forum häzirki zaman bütindünýä ösüşinde medeni mirasy gorap saklamagyň halkara hyzmatdaşlygy üçin uly strategik ähmiýete eýedigini ýene bir gezek bütin dünýä aýdyň görkezdi.
Zhejiang welaýatynyň Halk Hökümetiniň gubernatory hem-de Hytaý Kommunistik Partiýasynyň welaýat komitetiniň Sekretarynyň orunbasary Liu Jieniň ýolbaşçylygynda geçirilen forumyň açylyş dabarasynda Hytaýyň medeni diplomatiýasynyň we halkara parahatçylyk başlangyçlarynyň esasy ugurlary beýan edildi. Çärede Hytaý Halk Respublikasynyň degişli edaralarynyň wekilleri çykyş edip, Liangzhu medeniýetiniň Hytaý siwilizasiýasynyň bäş müň ýyllyk taryhyndaky ornuny we bu mirasyň bütindünýä möçberde tanyşdyrylyşynyň syýasy binýadyny beýan etdiler. Şeýle hem çärede çykyş eden medeniýet ulgamynyň wekilleri Günbatar we Gündogar siwilizasiýalarynyň arasyndaky taryhy-medeni köprüleri berkitmegiň we bütindünýä mirasyny goramakda halkara guramalaryň Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtadylar.
Çärä dostlukly ýurtlaryň wekilleri, şol sanda türkmen žurnalistiniň hem gatnaşmagy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky taryhy we medeni hyzmatdaşlygyň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Forum diňe bir syýasy we diplomatik çykyşlar hem-de gepleşikler bilen çäklenmän, eýsem, halkara hukugy we medeni hyzmatdaşlygy täze basgançaklara çykarýan möhüm resminamalara gol çekişlik dabaralary bilen tapawutlandy. Açylyş we gol çekişlik dabarasyndan soňra forumyň meýilnamasy dünýäniň öňdebaryjy akademik hem-de halkara bilermenleriniň çykyşlary bilen dowam etdirildi. Çykyşlarda medeni mirasy durnukly syýahatçylyk we özara maýa goýumlar arkaly ösdürmek barada, arheologik zolaklary modern şäher gurluşygy bilen sazlaşdyrmak we sebitara medeni alyş-çalyşlary ösdürmek boýunça öz ylmy-metodologik garaýyşlar barada bellenildi.
4-nji Liangzhu Forumy diňe bir taryhy ýadygärlikleri goramak däl, eýsem, Hytaý Halk Respublikasynyň Bütindünýä Siwilizasiýa Sazlaşygy çarçuwasyndaky parahatçylykly we durnukly syýasatyny halkara jemgyýetçiligine ýetirmekde wajyp diplomatik meýdança öwrüldi. Çäre Hytaýyň özüniň müňýyllyklara uzaýan taryhy mirasyndan ugur alyp, halkara guramalary hem-de biziň ata Watanymyz ýaly hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde durnukly geljegi gurmaga meýillidigini ýene bir gezek aýdyň subut etdi.
