«Tank 500»: Hytaýda ýolsuz ýerde hereket edýän meşhur ulagyň täzelenen görnüşi satylyp başlandy

MilliInfo

29 Awgust, 2025

Hytaýyň bazarynda ýolsuz ýerde hereket edýän «Tank 500» ulagynyň täzelenen görnüşiniň satuwy başlandy. Ulagyň adaty görnüşiniň bahasy 335 müň ýuana (takmynan 47 müň amerikan dollary) deňdir.

Täzelenen «Tank 500» modeli täze radiator gözenegi bilen üpjün edilipdir, şeýle hem ulagyň üçeginde sürüjiniň kömekçi ulgamlarynyň işini üpjün edýän lazerli radar (lidar) ýerleşdirilipdir.

Ikinji hatardaky oturgyçlaryň üstünde ýerleşdirilen 17,3 dýuýmlyk 3K çözgütli multimediýa ekrany aýratyn ünsüňi çekýär. Bu ulgamy 6 düzgün — sesli, yşaratly, sensorly, telefon arkaly, uzakdan dolandyryşly we tirsek goýulýan bölekde ýerleşýän ekran arkaly dolandyryp bolýar.

Täze ulag kompressorly sowadyjy bilen hem üpjün edilendir. Onuň 50 Watt güýji bolup, −6°C-den +50°C çenli temperaturany sazlap bilýär.

Ulagyň güýç ulgamynda üýtgeşiklik ýok: ol öňküsi ýaly 2.0 litr göwrümli turbomotor, elektrik hereketlendirijisi we 9 basgançakly awtomatiki geçiriji gutusy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo