Lebapda küşt boýunça Türkmenistanyň Gran-pri tapgyry tamamlandy

MilliInfo

1 sagat öň

Lebapda küşt boýunça Türkmenistanyň Gran-pri tapgyry tamamlandy

1 — 10-njy noýabr aralygynda Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde küşt boýunça Türkmenistanyň Gran-pri tapgyry geçirildi. Lebap welaýatynda eýýäm yzly-yzyna ikinji ýyl guralýan bu ýaryş ýurduň dürli sebitlerinden 181 küştçini bir ýere jemledi.

Şweýsar ulgamy boýunça geçirilen dokuz tapgyryň dowamynda açyk we zenanlar toparlarynda, şeýle hem ýedi ýaş derejesinde (6 ýaşdan 18 ýaşa çenli) baýrakly orunlar ugrunda 125 ýetginjek hem-de erkek küştçi, 56 sany ýetginjek gyz we zenan bäsleşdi.

Açyk derejede Dänew etrabyndan 12-nji synp okuwçysy, sport ussatlygyna dalaşgär (CM) Şageldi Gurbandurdyýew (reýtingi 2152) mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplap, ýokary reýtingli bäsdeşlerinden öňe saýlandy we ýeňiji boldy. Ikinji orny Ilhan Çaryýew (7,5 utuk, reýtingi 2172), üçünji orny bolsa FIDE ussady (FM) Mergen Kakabaýew (7 utuk, reýtingi 2209) eýeledi.

Zenanlaryň arasyndaky bäsleşikde altyn medal ugrundaky göreş hersi 8 utuk toplan iki lideriň arasynda geçdi. Maryly küştçi Jennet Ýalkanowa (2009-njy ýyl, reýtingi 1921) ýeňiji boldy, kümüş medaly «Küşt älemi» akademiýasynyň wekili Nurana Söýünowa (2013-nji ýyl, reýtingi 1921) gazandy. Bürünç medal bolsa lebaply 16 ýaşly Mähri Agamyradowa (6,5 utuk, reýtingi 2101) nesip etdi.

Gran-pri tapgyrlarynyň sebitlerde yzygiderli geçirilmegi intellektual sporty wagyz etmekde, onuň gerimini giňeltmekde we täze zehinleri ýüze çykarmakda möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy ýaryşlary ýokary derejede gurandyklary hem-de ähli ýaşdaky gatnaşyjylar üçin ajaýyp şertleri döredendikleri üçin Türkmenabat şäher häkimligine, şeýle hem «Bagtyýarlyk» merkeziniň ýolbaşçylaryna we zähmet toparyna hoşallyk bildirýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info