Mary welaýatynda 22 müň 500 ýaşaýjy üçin niýetlenen täze ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy

MilliInfo

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap obanyň gurluşygyna badalga berilýär. Şu gün — 8-nji aprelde şol ýerde bu iri taslamanyň — 800 gektar meýdany eýeleýän täze obanyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Ol jemi 4500 jaýdan ybarat bolar: şolaryň 2490-sy bir gatly bäş otagly, 2010-sy bolsa bir gatly üç otagly jaýlardyr.

«Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berlişi ýaly, täze ýaşaýyş toplumynda düzümleýin desgalaryň ähli esasy elementleri, hususan-da, Geňeşligiň binasy, söwda merkezi, 500 orunlyk Medeniýet öýi, 1000 orunlyk metjit, awtobeket, kuwwaty gije-gündizde 15 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga, mekdep, saglyk merkezi we hassahana gurlar. Taslamada 22 müň 500 adamdan ybarat bolan ilatyň oba durmuşynyň aýratynlyklary bilen şäher şertlerini utgaşdyrýan oňaýly durmuşy üçin ähli zerurlyklar göz öňünde tutuldy.

Nusgalyk obalaryň gurluşygy döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Olar diňe bir oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, täze iş orunlaryny döretmäge, sebitleri ösdürmegiň ykdysady we maýa goýum gurallaryny kämilleşdirmäge hem hyzmat eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info