Türkmenistanyň metjitlerinde Gurban baýramy mynasybetli baýram namazynyň okaljak wagty kesgitlenildi

MilliInfo

27 Maý, 2026

Türkmenistanyň metjitlerinde Gurban baýramy mynasybetli baýram namazynyň okaljak wagty kesgitlenildi

27-nji maýda säher bilen Türkmenistanyň metjitlerinde mukaddes Gurban baýramy mynasybetli baýram namazy okalar. Şeýlelikde, ildeşlerimiz yslam dünýäsiniň iň uly baýramlarynyň biriniň başlanmagyny alamatlandyrýan namazy berjaý etmek üçin ýurduň şäherlerindäki we obalaryndaky metjitlere ýygnanarlar.

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti tarapyndan ýurduň sebitlerinde baýram namazynyň okaljak takyk wagtlary kesgitlendi. Şoňa görä-de, Aşgabat şäheriniň, Arkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň metjitlerinde baýram namazy sagat 06:35-de başlanar. Mary we Daşoguz welaýatlarynda namaz sagat 06:25-de, Lebap welaýatynda 06:10-da başlansa, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary sagat 06:45-de namaza durarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Gurban baýramy 27-nji, 28-nji we 29-njy maýda — üç günüň dowamynda döwlet derejesinde belleniler. Resminama laýyklykda, şol günler iş güni däl diýlip yglan edildi we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýurduň ähli edaralarynyň, kärhanalarynyň hem-de guramalarynyň bu kararyň degişli derejede ýerine ýetirilmegi bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info