Şu gün — 30-njy iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda milli Parlamentiň ýolbaşçysy Sýaoszýun Greýs Wany Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlady hem-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça jogapkärli diplomatik wezipesinde alyp barjak işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Sýaoszýun Greýs Wan Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyryldy.
Duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek barada öňe süren başlangyjynyň goldanylmagynyň bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny hem-de umumadamzat bähbitlerinde dünýä döwletleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegine oňyn itergi berjekdigi nygtaldy. Ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de daşky gurşawy goramaga gönükdirilen möhüm başlangyçlarynyň ähmiýetine üns çekildi.
Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýetini bellediler. Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, Çagalar Gaznasynyň we Ilat Gaznasynyň bilelikde guramagynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, nesil saglygy we maşgala abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we suw serişdelerini durnukly ulanmak babatda hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilen okuw maslahatlaryň we duşuşyklaryň birek-birek bilen tejribe alyşmakda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetli bolandygy barada durlup geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wany ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Halkara zenanlar dialogyna hem-de demografiýa meseleleri boýunça maslahata hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.
