Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

MilliInfo

4-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine, şol sanda köptaraplaýyn meýdançalarda iki ýurduň başlangyçlaryny hem dalaşgärliklerini özara goldamak tejribesiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info