Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Palestinanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

MilliInfo

16 Ýanwar, 2026

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda  türkmen-palestin gatnaşyklary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän häzirki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar birnäçe sebitleýin we halkara meseleleriniň hem üstünde durup geçdiler.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ynsanperwer häsiýeti nygtaldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info