10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen «Parahatçylyk we sport» halkara guramasynyň Prezidenti we esaslandyryjysy, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň geňeşçisi jenap Žoel Buzunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Myhman Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giň ugurly gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen «Parahatçylyk we sport» guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini aýratyn bellenildi.
Sport arkaly parahatçylyk, ynanyşmak gymmatlyklaryny öňe sürmek we halkara gatnaşyklaryny berkitmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berildi.
Söhbetdeşler adybir gurama tarapyndan teklip edilen «Parahatçylyk we sport» atly yklymlaýyn forumy 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.