Şu gün, 12-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda 2025-nji ýylda kabul edilen we Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda bellenen wezipeler bilen birlikde durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek maksady tassyklanyldy. Diplomatlar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýokary baha berdiler. Bu ýerde geçen ýylyň jemleri jemlendi we şu ýyl üçin öňde duran ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ählisiniň gatnaşmagynda sebitleýin ölçegde maksatnamalaýyn-taslama işlerini öňe sürmek meselelerine seredip geçdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek barada pikir alyşmalara aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara forumda yglan etdi.
Halkara forumynyň ähli gatnaşyjylary tarapyndan goldanan bu başlangyç halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradylan Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy.
Taraplar bu ugurda işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.