18-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly Seýed Mostafa Hosseýnipur bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda Baş konsul türkmen tarapyna konsullyk patentini gowşurdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary tarapyndan oňa konsullyk ekzekwaturasy gowşuryldy. Taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň Baş konsuly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek, şeýle hem iki ýurduň arasynda konsullyk hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
