Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi

MilliInfo
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi

26-njy sentýabrnda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Ioseliani bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň depginini kanagatlanma bilen bellediler.

Ýokary derejedäki yzygiderli özara saparlaryň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy faktory bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýeti bellenildi. 

Taraplar adam hukuklarynyň goraglylygy we parlament ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Jenap Lewan Ioseliani gyzgyn myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi we Türkmenistanyň baş baýramy bolan Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info