Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi tassyklanyldy

MilliInfo
Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi tassyklanyldy

Şu gün — 15-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogyň hem-de degişli edaralaryň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam edýändigi bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info