Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

MilliInfo
Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Düýn — 14-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Je bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri, parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň halkara başlangyçlaryny özara goldaýandyklary bellenildi.

Bu ýerde türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň hem-de aragatnaşyklaryň ähmiýetini aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» köptaraplaýyn formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigi bellenildi. Gazhimiýa pudagynda, ulag infrastrukturasynda hem-de gämi gurluşygynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine koreý kompaniýalarynyň goşýan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem bellediler. Bilim, ylym, sport ulgamlarynda we Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek babatda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi. Şeýle gatnaşyklaryň iki halkyň arasynda özara düşünişmegi we ýakynlaşmagy pugtalandyrýandygy nygtaldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info