Türkmenistan BSGG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

MilliInfo
Türkmenistan BSGG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Korinn Kapuano bilen duşuşyk geçirildi.

M.Bäşimowa Korinn Kapuano «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçirilen «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahata gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de bu çäräniň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ilatyň saglygyny goramak babatda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlaryny ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar özara konstruktiw dialogyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info