DIM-de Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

MilliInfo

1 sagat öň

DIM-de Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

29-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Bu ýerde medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan ynsanperwer gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Tatar gyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly guramaçylyk meselelerine seredildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info