Aşgabatda Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň strategiki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo

12-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem sosial hyzmatdaşlar gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek, mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmek hem-de durmuş ugurly syýasaty pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri bar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini hem-de ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmäge we iş bilen üpjünçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.

Tegelek stol maslahatynyň dowamynda 2025-nji ýylda alnyp barlan bilelikdäki işleriň netijelerine, mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn orun berildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info