15-nji awgustda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly rus-türkmen konserti geçiriler. Bu barada «THP» habar berdi.
Iki halkyň medeni jebisligini alamatlandyrýan bu çäre Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanýar.
Konsert «Dostlary ýygnaýas» XIX Halkara aýdym-saz festiwalynyň çäginde geçiriler. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy, «Dutaryň owazy» gaznanyň we Moskwa döwlet konserwatoriýasy ajaýyp konsertiň guramaçylary hökmünde çykyş ederler.
Ajaýyp konsert türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndan ylham alar. Kitapda aýdym-sazyň kömegi bilen doganyny ýesirlikden boşadan sazanda Şükür bagşynyň rowaýatyna esaslanýan sungat arkaly parahatçylyk dörediji pikir hödürlenilýär.
Munuň üçin meşhur türkmen akademik we halk sazandalary Moskwa gelerler. Şeýle hem bu ýerde türkmen medeniýetiniň baýlygyny görkezýän sungat we kitap sergileri ýaýbaňlandyrylar.