Moskwada Türkmenistandaky möhüm wakalara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

MilliInfo

20-nji fewralda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre, şeýle-de  Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň täze «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Çäre jemgyýetçilik we akademiki düzümleriň wekillerini, atçylyk pudagynyň bilermenlerini, atçylyk sportunyň ussatlaryny, Russiýadaky türkmen diasporasynyň wekillerini, Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplaryny hem-de KHBS-iň wekillerini bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.Aýdogdyýew özüniň gutlag sözünde 2026-njy ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýändigini nygtady. Ýyldyrym deý ýüwrük bedewiň keşbi ýurdumyzyň häzirki wagtdaky ösüş depginini şöhlelendirýär. Bu şygar 2026-njy ýylyň tutuş dowamynda Türkmenistanda geçiriljek syýasy we medeni çäreleriň çelgisi bolmak bilen, ýakyn geljek üçin ösüşiň ugruny kesgitledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, E.Aýdogdyýew neşiriň bitaraplygyň hukuk we syýasy esaslaryny, onuň sebit we ählumumy durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuny, şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmäge goşýan goşandyny açyp görkezýändigi nygtady.

Dabaranyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Maliýe uniwersitetiniň türkmen talyplary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Rowaç» atly goşgusy esasynda döredilen edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler.

Bu ýerde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmenler köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirdiler, kämilleşdirdiler, olaryň täsin aýratynlyklaryny saklap galdylar. Ahalteke bedewleriniň altynsow reňki, olaryň nepis keşbi, ýyndamlygy, şeýle hem çäksiz gujur-gaýraty we çydamlylygy öz işlerini sungat derejesine çykaran tutanýerli seýisleriň, irginsiz atşynaslaryň köp ýyllyk zähmetiniň netijesidir.

Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem-de dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy.

«Meleguş» aýdymy dabaranyň ajaýyp jemlenmesi boldy.

Çäräniň çäklerinde ilçihananyň binasynda mowzuklaýyn sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplary we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem behişdi ahalteke bedewleriň gözelligini çeper beýan edýän, Türkmenistanda we Russiýada düşürilen dürli fotosuratlar görkezildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info