Nýu-Delide Hindistan bilen Merkezi Aziýanyň strategiki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo

25-26-njy martda Nýu-Deli şäherinde Hindistan — Merkezi Aziýa Gaznasynyň guramagynda «India — Central Asia: Connectivity, Security, and Sustainable Partnerships in a Multipolar World» atly halkara maslahat geçirildi.

Halkara maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Onuň dowamynda Hindistan Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça tematiki sessiýalar geçirildi.

Rektor G.Ýusupowa maslahatyň «Hindistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly sessiýasynda çykyş edip, bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty barada gürrüň berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info