Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynda «Türkmenistanyň edebiýat burçy» açyldy

MilliInfo

15 Oktýabr, 2025

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Medeniýet günleriniň çäginde Azerbaýjanyň M.F.Ahundzade adyndaky Milli kitaphanasynda «Türkmenistanyň edebiýaty burçunyň» açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Trend Life» habar berdi.

Dabarada çykyş eden Milli kitaphananyň direktory Kerim Tairow şeýle burçuň döredilmeginiň möhüm wakadygyny, munuň Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda edebi gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow Azerbaýjanda türkmen edebiýatyna we medeniýetine bildirilýän uly gyzyklanma hem-de üns üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol «Türkmenistanyň edebiýat burçunyň» döredilmegi baradaky başlangyç üçin kitaphananyň ýolbaşçylaryna sagbolsun aýdyp, bu burçuň täze neşirler bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp duruljakdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow edebiýat bilen medeniýeti iki halkyň arasyndaky dostluk köprüsi hökmünde häsiýetlendirdi hem-de ýakyn geljekde Türkmenistanyň Milli kitaphanasynda hem «Azerbaýjan edebiýatynyň burçunyň» dörediljekdigine ynam bildirdi.

Çykyşlarda iki döwletiň arasyndaky edebi gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu ýerde türkmen we azerbaýjan dillerine edebi eserleriň ençemesiniň terjime edilmegi, olaryň neşir edilmegi bilen bagly meseleler, şeýle-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo