Niderlandlaryň Zwolle şäherindäki Owereýssel prowinsiýasynyň kazyýeti «ChatGPT-niň» düzen toý sözi bilen bagly ýüze çykan ýalňyşlyk zerarly, nika ylalaşygyny «hakyky däl» diýip yglan etdi.
Bu iş boýunça arza beriji tarap hökmünde munisipialitet (häkimlik) çykyş etdi. Ýerli häkimiýet nika gyýylýan mahaly hökmany tertip-düzgüniň bozulandygyny anyklady: toý sözüniň (tekstiniň) içinde täze durmuş gurýanlaryň nika bilen bagly ähli hukuk borçlaryny öz üstlerine alýandyklary baradaky hökmany sözlemiň ýokdugy mälim boldy.
2025-nji ýylyň baharynda durmuş guran jübüt dabarany öz dostlarynyň alyp barmagyny haýyş edipdi. Elbetde, ýerli kanun muňa rugsat berýär, ýöne dabara sebitiň dolandyryş edarasyndan (häkimlikden) nikalary resmi taýdan hasaba alyjy hünärmeniň gatnaşmagy hökmany şertdir.
Durmuş gurýan jübüt nikany hasaba alyş sözüni «ChatGPT» neýroulgamynyň kömegi bilen taýýarlapdyr, emeli intellekt bolsa kanun tarapyndan göz öňünde tutulan hökmany jümleleri ulanmandyr. Şeýlelikde, indi bu jübüt öz gatnaşyklaryny täzeden resmi taýdan hasaba aldyrmaly bolar.