Şu günler hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew döwlet toparynyň agzalary bilen bilelikde halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar.
Bu ýerde halkymyzyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan ahalteke bedewleriniň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşdyrylmagy we onuň çäklerinde guraljak çäreleriň guramaçylygy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň halkara çärelere gatnaşygyny, ähli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk-taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny bellemeli.
Guraljak çäre, onuň geçiriljek ýerini kesgitlemek, milli bezeg işleri bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilýär. Şeýle hem öňde boljak çärelere taýýarlygyň dowamynda ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary ýerli atşynaslar, bu ugur boýunça ylmy işleri alyp barýan halkara derejeli hünärmenler bilen duşuşyklary guraýarlar. Munuň özi ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen toparlarynyň çykyşlarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilýändiginiň beýanydyr.
Kronenberg şäherinde geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde halkara çäreleri guramaga niýetlenen meýdança bilen tanyşdyrylyş çäresi boldy. Şunda atly sport ýaryşlarynyň, gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýerleriniň özboluşly aýratynlyklary, ýaryşlary guramagyň tertibi barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, meýdançanyň çäklerinde halkara ýaryşlaryň bezegleri, dürli ýazgylar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk derejede ýerleşdiriler. Ýerli hünärmenlerdir atşynaslar özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyny aýdyp, türkmen halkynyň milli atşynaslyk däpleri bilen içgin tanyşmak we ony Ýewropa ýurtlarynyň atşynaslarynyň arasynda netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetine üns berdiler. Munuň özi dünýä ýurtlarynda atşynaslyk, aýratyn-da, ahalteke atlaryny seýislemegiň usullary bilen baglanyşykly maglumatlaryň bir ýere jemlenmeginde we onuň dünýä atşynaslary üçin elýeterli bolmagynda ähmiýetlidir.
