Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara ülňülerini seljermek meselesi maslahatlaşyldy

MilliInfo

3 Oktýabr, 2026

Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara ülňülerini seljermek meselesi maslahatlaşyldy

Aşgabat şäherindäki Ylmy-barlag tebigy-gaz institutynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara ülňülerini we kadalaryny seljermäge bagyşlanan geňeşme duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän edara bolan Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan amala aşyrylýan «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024 — 2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamasynyň çäginde guraldy.

Duşuşyk bu ugurda ileri tutulýan milli ösüş ugurlaryny nazara almak bilen, ýurduň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça maslahatlary işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle-de «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hukuk hem tehniki hünärmenleri gatnaşdylar.

Geňeşme duşuşygynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny mundan beýläk ösdürmek we ony häzirki zaman ykrar edilen halkara tejribelerine, şol sanda energetika pudagynda metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ÝB-niň Reglamentine laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen seljeriş çemeleşmesini ulanmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini Türkmenistanyň milli şertlerine uýgunlaşdyrmak üçin aýdyň usulyýet binýadyny döretmäge mümkinçilik berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info