Awazada «Tatar gyzy» atly giň gerimli medeni taslamanyň taýýarlyk işleri başlanýar

MilliInfo

1 sagat öň

Awazada «Tatar gyzy» atly giň gerimli medeni taslamanyň taýýarlyk işleri başlanýar

Türkmenbaşy şäheriniň häkimi Nyýazjan Nyýazjanow Tatarystanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, welaýata gelen Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä tatar kongresiniň Milli şurasynyň başlygy Wasil Şaýhraziýew bilen iş duşuşyk geçirdi.

Gün tertibiniň esasy meselesi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň final tapgyryna taýýarlyk görmegiň amaly meseleleri boldy.

Guramaçylyk ugurlarynyň içgin ara alnyp maslahatlaşylmagynyň dowamynda, häkim sebitara ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda şeýle taslamalaryň aýratyn ornuny belläp geçdi we şäher häkimliginiň bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin doly ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info